HABARLAR

«Göwün at üstünde ganat baglady»

Hormatly Prezidentimiziň şu goşgy setirlerinde ussatlyk bilen beýan edişi ýaly, türkmen bedewiniň we wepadar alabaýynyň şanyna tutulan toýda — baýramçylyk günlerinde göwünlerimiz, dogrudan-da, at üstünde ganat baglady, ýagny ilkinji gezek bilelikde geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy uly ruhubelentlige beslendi. Muňa şol günlerde örän ýokary derejede geçirilen bäsleşikdir dabaraly wakalar hem doly şaýatlyk etdi. Öňňin Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdyrylyp, göwünleri ganatlandyrdy. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzda atşynaslygy ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna sagbolsunlar aýdylyp, welaýatlarymyzyň we Aşgabat şäheriniň agzybir ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan naýbaşy ahalteke bedewleri sowgat berildi.

Halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri

Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýyl elimize gowşan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýol-ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän ýagşy häsiýetleri we ajaýyp däp-dessurlarymyz dürli rowaýatlaryňdyr, pähim-paýhasly sözleriň üsti bilen giňişleýin beýan edilýär. Halkymyzyň taryha nur çaýýan milli häsiýeti, akyldarlarynyň, danalarynyň miras galdyran paýhas dürdäneleri barha kämilleşdirilip, jemgyýetçilik kadalaryna öwrülipdir.

Aşgabadyň waspy hoş owazlarda

Bedewlerimize buýsanýarys

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ýurdumyzda iri pagtaçylyk, gallaçylyk, şalyçylyk etrabydyr. Şunuň bilen birlikde etrapda ajaýyp bedewler ösdürilip ýetişdirilýär. XX asyrda bu ýerde Mätdurdynyň dory, Parahat, Çebşek, Boýnak, Akbilek, Atmaýran, Terguş ýaly atlar seýislenip ýetişdirilipdir. Olar barada rowaýata öwrülen gürrüňler şu günlerem bedew janköýerleriniň dilinden düşmeýär. Parahat, Garagär ýaly atlar geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda geçirilen Aşgabat — Moskwa at çapyşygyna gatnaşyp şöhrat gazanypdyrlar. Garagär diýen bedew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna äkidilip, soň dolanyp gelmeýär. Parahat şol döwürde Moskwa — Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) aralygyna 500 kilometre guralan ýaryşda ikinji orny eýeleýär.

Bedewim — uçar ganatym, alabaýym — göwün şadym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň her güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara beslenýär. Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ilkinji gezek bilelikde bellenýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar giň gerim alýar. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň bir günde, döwlet derejesinde bellenilmegi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän milli ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. «Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň ýakyn hemrasy, wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana milletimiziň beýik buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Pederlerimiz irginsiz aladany talap edýän seýisçiligiň gadymy syrlaryny arkama-arka öz nesillerine geçiripdir. Gelin-gyzlarymyz halydan arkalyk dokap, at arkasyny bezän bolsalar, zergär ata-babalarymyz atyň göwüsbendini, uly hem kiçi boýuntyryklaryny sap kümüşden ýasap, hakyk gaşlary bilen bezäpdirler. At üstüniň eýeriniň-de rahatdan, gelşikli, nepis bolmagy üçin aladalanypdyrlar.

Şygryýet älemi

Bardyr Beýik Ýüpek ýollarynyň dowamy,Güllere bürenen ýollarmyz bardyr.Oguz hanyň, Gorkut ataň kelamy,Dili sena bolan illermiz bardyr.

Türkmeniň milli buýsanjy

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek Karar edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek baradaky aladalary esasynda ahalteke atlary uly şöhrata eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmegi meşhur ahalteke bedewleriň, görnükli seýisleriň, atşynaslaryň, hem-de atşynaslyk sungatynyň syrly tärleriniň öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi.

Ata çykan alysy gözlär

Häzirki wagtda türkmen atçylyk sungaty, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolýar. Bütin dünýäde giňden ýaýran atçylyk sporty Diýarymyzda hem ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän tohum atlary ösdürip ýetişdirmekde, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgini artdyrmak ugrunda hem alada ederis» diýen parasatly pähimlerinden ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy has-da belende göterildi. Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen topragynda ösüp ýetişmeginde-de, önüp-ösmeklerinde-de uly özboluşlylyk bar. Türkmen tebigaty diýseň jana şypaly, owadan hem gözel. Ine, şeýle tebigatda-da türkmen bedewleri dünýä inip, melhem otlar bilen iýmitlenýär. Adamlaryň mähri bilen kemala gelýär. Ine, onsoň adama kybapdaş häsiýetli bedewlerimiz türkmen tebigatynyň çogly güneşi, bu toprakda bitýän müň dürli otlar, türkmenleriň ýyly mähri we söýgüsi bilen hem ajaýyplyga ýetýär. Türkmen halkynyň medeniýetini bedewsiz asla göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen öz ýakyn dosty, syrdaşy bolan atyny ma

Gözelligiň we ýyndamlygyň ajaýyp nusgasy

Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de arassa ganlylygyny saklap gelipdirler. Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atly sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.

Gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy

22-nji aprelde Mary welaýat merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.