Ata çykan alysy gözlär

24 Aprel 2021
1273

Häzirki wagtda türkmen atçylyk sungaty, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolýar. Bütin dünýäde giňden ýaýran atçylyk sporty Diýarymyzda hem ösdürilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän tohum atlary ösdürip ýetişdirmekde, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgini artdyrmak ugrunda hem alada ederis» diýen parasatly pähimlerinden ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy has-da belende göterildi. Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen topragynda ösüp ýetişmeginde-de, önüp-ösmeklerinde-de uly özboluşlylyk bar. Türkmen tebigaty diýseň jana şypaly, owadan hem gözel. Ine, şeýle tebigatda-da türkmen bedewleri dünýä inip, melhem otlar bilen iýmitlenýär. Adamlaryň mähri bilen kemala gelýär. Ine, onsoň adama kybapdaş häsiýetli bedewlerimiz türkmen tebigatynyň çogly güneşi, bu toprakda bitýän müň dürli otlar, türkmenleriň ýyly mähri we söýgüsi bilen hem ajaýyplyga ýetýär. Türkmen halkynyň medeniýetini bedewsiz asla göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen öz ýakyn dosty, syrdaşy bolan atyny maşgalasynyň bir agzasy hökmünde kabul edýär. Halkymyzyň bedew atlara hormat-sarpasy ýokarydyr.