«Göwün at üstünde ganat baglady»

24 Aprel 2021
1315

Hormatly Prezidentimiziň şu goşgy setirlerinde ussatlyk bilen beýan edişi ýaly, türkmen bedewiniň we wepadar alabaýynyň şanyna tutulan toýda — baýramçylyk günlerinde göwünlerimiz, dogrudan-da, at üstünde ganat baglady, ýagny ilkinji gezek bilelikde geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy uly ruhubelentlige beslendi. Muňa şol günlerde örän ýokary derejede geçirilen bäsleşikdir dabaraly wakalar hem doly şaýatlyk etdi.

Öňňin Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdyrylyp, göwünleri ganatlandyrdy. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzda atşynaslygy ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna sagbolsunlar aýdylyp, welaýatlarymyzyň we Aşgabat şäheriniň agzybir ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan naýbaşy ahalteke bedewleri sowgat berildi.

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan».