Milli gymmatlyklarymyza sarpa

23 Aprel 2021
1006

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary ruhubelentlikde, giňden we dabaraly bellenilmegi halkymyzyň döredijilik ylhamyny joşduryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz gadymy milli mirasymyzy, onuň deňsiz-taýsyz gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge, halkara derejesinde doly ykrar edilmegine döwlet syýasatynda uly orun berýär.

Ýurdumyzda behişdi bedewlerimiz bilen bir hatarda milli itşynaslyk mekdebiniň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaýlaryň köpeldilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler giň gerimde dowam etdirilýär.

Mekan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.