Bedewlerimize buýsanýarys

24 Aprel 2021
1169

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ýurdumyzda iri pagtaçylyk, gallaçylyk, şalyçylyk etrabydyr. Şunuň bilen birlikde etrapda ajaýyp bedewler ösdürilip ýetişdirilýär.

XX asyrda bu ýerde Mätdurdynyň dory, Parahat, Çebşek, Boýnak, Akbilek, Atmaýran, Terguş ýaly atlar seýislenip ýetişdirilipdir. Olar barada rowaýata öwrülen gürrüňler şu günlerem bedew janköýerleriniň dilinden düşmeýär. Parahat, Garagär ýaly atlar geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda geçirilen Aşgabat — Moskwa at çapyşygyna gatnaşyp şöhrat gazanypdyrlar. Garagär diýen bedew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna äkidilip, soň dolanyp gelmeýär. Parahat şol döwürde Moskwa — Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) aralygyna 500 kilometre guralan ýaryşda ikinji orny eýeleýär.

Aýjemal USSAÝEWA,
TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň hünärmeni.