Türkmeniň milli buýsanjy

24 Aprel 2021
1100

Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek Karar edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek baradaky aladalary esasynda ahalteke atlary uly şöhrata eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmegi meşhur ahalteke bedewleriň, görnükli seýisleriň, atşynaslaryň, hem-de atşynaslyk sungatynyň syrly tärleriniň öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi.

Ziýada BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň uly ylmy işgäri.