Gözelligiň we ýyndamlygyň ajaýyp nusgasy

23 Aprel 2021
841

Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atly sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, ösen aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.

«Aşgabat».