Bedewim — uçar ganatym, alabaýym — göwün şadym

24 Aprel 2021
1290

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň her güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara beslenýär. Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ilkinji gezek bilelikde bellenýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar giň gerim alýar. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň bir günde, döwlet derejesinde bellenilmegi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän milli ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

«Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň ýakyn hemrasy, wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana milletimiziň beýik buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Pederlerimiz irginsiz aladany talap edýän seýisçiligiň gadymy syrlaryny arkama-arka öz nesillerine geçiripdir. Gelin-gyzlarymyz halydan arkalyk dokap, at arkasyny bezän bolsalar, zergär ata-babalarymyz atyň göwüsbendini, uly hem kiçi boýuntyryklaryny sap kümüşden ýasap, hakyk gaşlary bilen bezäpdirler. At üstüniň eýeriniň-de rahatdan, gelşikli, nepis bolmagy üçin aladalanypdyrlar.

Gurbanjemal GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň maslahatçysy.