HABARLAR

Aşgabat — kämil sungat eseri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara derejesinde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar. Häzirki döwürde paýtagtymyzdaky ylym-bilim desgalary, ajaýyp binalar Aşgabadyň binagärlik özboluşlylygyny hem artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn üns berýär. Gözel paýtagtymyzda raýatlarymyzyň döwrebap bilim almagy, halal zähmet çekmegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda-dynç alyş we sagaldyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin köpugurly şertler döredilýär. Desgalary diňe bir gurmak däl, eýsem, şolaryň kömegi bilen täze giňişligi döretmek, onuň adamlar üçin oňaýly bolmagy möhümdir. Oňaýlylyk, gözellik, ygtybarlylyk hem-de öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ölçegleri ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, dolandyryş, ylym-bilim edaralarynyň, senagat, sport we durmuş binalarynyň, ýol-ulag desgalarynyň baş alamatlarydyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallaryň durmuşynda, esasan, alyp barýan işleri bilen bagly meýilnamalar ähmiýetli orun eýelär. Bu döwürde biraz gijigen meseleleriňiz bilen baglanyşykly möhüm çözgütleri kabul etmek bähbitli bolar. Meýilleşdirişiňiz ýaly, iş bilen bagly döreýän mümkinçiliklere ünsli boluň!

Abadan ýaşaýşy nazarlap

Mähriban ildeşler, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik, gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyrýar. Öýleriň we edara jaýlaryň elektrik enjamlarynyň ulanylyşynyň, gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň toga garşy duruş derejesini hünärmenlere barladyp, daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik geçirijileri çalyşmaly. Elektrik nokadyna bir wagtyň özünde çendenaşa köp elektrik sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl. Elektrik geçirijiler biri-biri bilen birikdirilende ýörite gysyjylar bilen berkidilse, elektrik geçirijileriniň sütünleriniň gyzmagynyň öňi alynýar, howpsuzlyk üpjün edilýär. Elektrik geçirijilerini çüý bilen berkitmek, üstünden kagyz ýelmemek, hatardan çykan elektrik birikdiriş, öçüriş abzallary ulanmak talabalaýyk däldir.

Täze üstünliklere tarap

Eziz Watanymyzda giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, harby bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmekdir. Şu maksatdan ugur alyp, ýaňy-ýakynda maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ikinji okuw möwsümi mynasybetli dabara guraldy. Dabaranyň dowamynda nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlaryna hem-de edebi-sazly kompozisiýa aýtatyn orun berilmegi has-da täsirli boldy. Harby bölümde bu okuw möwsüminde täze ugurlaryň birnäçesi göz öňünde tutulyp, harby gullukçylara döwrebap bilim bermek, Watan goragyna kämil nesilleri taýýarlamak, olaryň zehin başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, beden we söweşjeň taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de hakyky ýurt goragçysynyň şahsyýetini kemala getirmek babatda zerur işleri geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Çäräniň ahyrynda okuw möwsüminde harby gullukçylara döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny birkemsiz ele almaklary, harby ylmyň we harby sungatyň tejribesini yzygiderli özleşdirmekleri, söweşjeň we gumanitar taýýarly

Mukaddes borja eýerip

Ýaňy-ýakynda maýor Mälik Hanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen ýaş Watan goragçylarynyň harby kasam kabul edişlik dabarasy boldy. Dabarada, ilki bilen, harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Berdi Rejebow: «Hormatly ýaş Watan goragçylary, siziň Watan öňündäki mukaddes borjuňyz, biziň ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesi bolup, ol diňe iki ýyl bilen tamamlanmaýar. Watan goragy her bir türkmen perzendiniň öňündäki ömürlik borjy bolmagynda galýar» diýip, Watan goragçylaryna ýüzlenmegi has-da tolgundyryjy boldy. Kapitan Gülnäz Sabirowanyň guramagynda harby bölümiň medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň köňüllerini has-da ganatlandyrdy. Selbi HUDAÝBERDIÝEWA,kapitan.

Okuw ýygnanyşyklary

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet galalarynyň serkerdeleriniň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşyklary geçirildi. Serhet birikmeleriniň birnäçesinde, sebitleýin ugurlar boýunça geçirilen okuw ýygnanyşyklarynda ýarym ýylyň netijeleri boýunça bu düzümleriň gulluk-söweşjeň işlerinde gazanan netijeleri seljerilip, Döwlet serhediniň goragyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler we olaryň ýerine ýetirilmeli ugurlary kesgitlenildi. Meýilnama laýyklykda tejribeli serkerdeler tarapyndan amaly hem-de tejribe usulynda geçirilen okuw sapaklary hem-de türgenleşikler oňa gatnaşyjylar üçin öz tejribelerini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Okuw ýygnanyşygynyň netijesi boýunça, şeýle-de hasabat döwründe hünär taýýarlygynda we işleri guramakda tapawutlananlar sagbolsunlara mynasyp bolup, Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Ýusup TÄÇMYRADOW, maýor.

Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

Ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň kapitan Tahyr Berdimyradowyň serkerdelik edýän diwizionynyň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitaba bagyşlanyp dabara geçirildi. Bu çärede TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Oýdin Aşirowa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Döndi Ýusupowa, uly leýtenant Ýusup Babaýew, çagyryş boýunça harby gullukçy Osman Ýegenseýidow dagynyň çykyşlary has täsirli bolup, bu kitabyň möhüm ähmiýetini, olarda akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, nesil terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlarynyň ýerleşdirilendigi barada belläp geçdiler. Dabara harby bölümiň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary bilen utgaşdy. Baky ýörelge

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

ASylly däbe eýerilip... Indi her gün bizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçjek möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi iňňän uly ähmiýete eýedir.

Gözeldir, görklüdir eziz Diýarym

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly bellenilmegi türkmen halkymyzyň, aýratyn-da, döredijilik adamlarynyň göwün guşuny göterdi. Elbetde, her bir millet, her bir halk özüniň görnükli şahsyýetleri bilen tanalýar. Akyldaryň döreden goşgularynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi şahyryň baý döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň 2014-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan edendigini hem bellemelidiris. Munuň özi şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä derejesinde öwrenilmegine mynasyp goşant boldy.

Himiýa senagaty: ösüşli gadamlar

Üstünligiň kepili Himiýa senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda pudagyň kärhanalarynda ýokary ykdysady görkezijiler gazanylýar. Bu kärhanalaryň önümçiligi öňdebaryjy tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, olardan netijeli peýdalanylýar. Pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümlere döwletimiziň öz içinde-de isleg uly welin, daşary bazarlarda-da olara isleg bildirýänler köp.