Döwletli maslahatyň bosagasynda

14 Awgust 2024
175

Ýakynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde «Halk maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat geçirildi. Ony Daşoguz welaýat prokuraturasy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi, TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi bilelikde guradylar.

Maslahatda döwletimizde ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahatynyň taryhy kökleri, häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşyna hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda  gyzykly çykyşlar edildi.  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgeleri ösdürmek babatda öňde goýan maksatlarynyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy özenidigi  nygtaldy.

Jumagül HOJAÝEWA,
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.