Mukaddes borja eýerip

14 Awgust 2024
120

Ýaňy-ýakynda maýor Mälik Hanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen ýaş Watan goragçylarynyň harby kasam kabul edişlik dabarasy boldy. Dabarada, ilki bilen, harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Berdi Rejebow: «Hormatly ýaş Watan goragçylary, siziň Watan öňündäki mukaddes borjuňyz, biziň ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesi bolup, ol diňe iki ýyl bilen tamamlanmaýar. Watan goragy her bir türkmen perzendiniň öňündäki ömürlik borjy bolmagynda galýar» diýip, Watan goragçylaryna ýüzlenmegi has-da tolgundyryjy boldy. Kapitan Gülnäz Sabirowanyň guramagynda harby bölümiň medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň köňüllerini has-da ganatlandyrdy.

Selbi HUDAÝBERDIÝEWA,
kapitan.

Şöhle GUDYKOWA,
kapitan.