Ýaşlara bildirilýän uly ynam

14 Awgust 2024
106

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen pähim-paýhasa ýugrulan çuň mazmunly sözleri bagtyýar ýaşlary her bir işde belent sepgitlere ruhlandyrýar. Sebäbi onuň özeninde döwlet derejesinde ýaş nesle bildirilýän uly ynam, olara goýulýan  hormat-sarpa jemlenendir. Şeýle ynamyň, hormat-sarpanyň nurana ykbally ýaşlara eçilýän egsilmez joşguny, ruhubelentligi olaryň okuwda, zähmetde gazanýan üstünliklerinde aýdyň ýüze çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby şeýle hakykatyň ajaýyp beýanydyr. Munuň özi ýaş nesliň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksat-tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegine gönükdirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň güwäsidir. Şeýle üstünlik Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan iri möçberli taslamalarda ýaşlaryň mynasyp ýaşaýşyny üpjün etmegiň ilkinji orunda goýulýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu mizemez hakykat ýaş nesliň göwnüni ganatlandyryp, ajaýyp döwre bolan söýgüsini joşdurýar, geljege bolan ynamyny berkidýär. Ýaş nesil hakyndaky aladalaryň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem-de beýleki hukuk resminamalarynda öz beýanyny tapmagy has-da guwandyryjydyr. 

Berkarar ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna belent ynam bildirip, olaryň nurana geljegi barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumlary rowaç bolsun!

Aýnatäç NEDIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.