Bileniň — baýlygyň

14 Awgust 2024
82

Dünýä çöllükleri

Çöllükler — bu esasy meýdanyny düzlükler tutýan, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan, kähalatlarda hiç hili ýaşaýyş bolmadyk Ýer üstüniň tebigy giňişligidir. Göz öňüne getirilişi ýaly, çöllüklerde çägelikleriň ýa-da ýokary temperaturanyň bolmagy-da zerur şert däldir. Çöllükler, diýilse, hökmany derejede çägelikler bolman, eýsem, buz çöllügi, çagyl we daşlar çöllügi, dürli laý ýa-da duz çöllükleri bolup bilýär.