Milli demokratiýamyzyň dabaralanmagy

14 Awgust 2024
120

Pederlerimizden dowam edip gelýän, agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütler ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Ol döwlet Baştutanymyzyň döwleti dolandyrmakda ata-babalarymyzyň tejribelerinden ugur alyp, häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda has kämil, dünýä nusgalyk derejä çykarýandygyny görkezýän syýasy-jemgyýetçilik mekdepdir. Ajaýyp zamanada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetdäki orny has-da ýokarlandy.

Şu günler ýurdumyzda syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat işleri giň gerimde alnyp barylýar. Biz hem edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi — ýetilen sepgitler, giň mümkinçilikler, geljekki ugurlar» ady bilen wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri ösdürmäge gönükdirilen taryhy işleriniň ähmiýeti giň halk köpçüligine ýetirilýär.

Şamyrat AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy.