Abadan ýaşaýşy nazarlap

14 Awgust 2024
76

Mähriban ildeşler, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik, gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyrýar.

Öýleriň we edara jaýlaryň elektrik enjamlarynyň ulanylyşynyň, gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň toga garşy duruş derejesini hünärmenlere barladyp, daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik geçirijileri çalyşmaly. Elektrik nokadyna bir wagtyň özünde çendenaşa köp elektrik sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl. Elektrik geçirijiler biri-biri bilen birikdirilende ýörite gysyjylar bilen berkidilse, elektrik geçirijileriniň sütünleriniň gyzmagynyň öňi alynýar, howpsuzlyk üpjün edilýär. Elektrik geçirijilerini çüý bilen berkitmek, üstünden kagyz ýelmemek, hatardan çykan elektrik birikdiriş, öçüriş abzallary ulanmak talabalaýyk däldir.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.