Gözeldir, görklüdir eziz Diýarym

14 Awgust 2024
113

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly bellenilmegi türkmen halkymyzyň, aýratyn-da, döredijilik adamlarynyň göwün guşuny göterdi. Elbetde, her bir millet, her bir halk özüniň görnükli şahsyýetleri bilen tanalýar. Akyldaryň döreden goşgularynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi şahyryň baý döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň 2014-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan edendigini hem bellemelidiris. Munuň özi şahyryň döredijilik mirasynyň dünýä derejesinde öwrenilmegine mynasyp goşant boldy.