HABARLAR

Badyň ösüşlere kybapdyr, bedew!

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar. Olar halkymyzyň gündelik durmuşynda we baýramçylyklarynda, däp-dessurlarynda, halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan we şöhratly türkmen seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan kemal tapan behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy, atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belleýär. Türkmen halkynyň durmuşynda atçylyk sporty uly meşhurlyga eýedir. Çünki Türkmenistan gözelligi, ajaýyplygy we ýyndamlygy bilen belli bolan, şeýle hem sport başarnyklary arkaly tapawutlanýan ahalteke bedewleriniň watanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewlere sarpa goýýan milli Liderimiziň yzygiderli gol

Döwletiň howpsuzlygynyň we jemgyýetiň durnuklylygynyň bähbidine

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimize harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijesi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, degişli düzümleriň işgärler kuwwatyny berkitmek hem-de harby gullukçylaryň durmuş goraglylygyna degişli meseleleri çözmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň gatnawla

Baş baýrama ýokary işjeňlik bilen

7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimize degişli düzümleriň ýolbaşçylary Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de onuň dowamynda garalmagyna hödürlenilýän meseleler, şeýle-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdiler.

Şöhratly senelere sowgatly barmak ugrunda

6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bedew bady — beýik maksatlaryň binýady

Gahryman Arkadagymyz Akýol behişdi bedewi bilen ak ýollara uzaýan toýlara rowana boldy Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmatlary bardyr.

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ähli täjik halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi. “Men Aşgabatda, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bolan ikitaraplaýyn duşuşyklarymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Onuň dowamynda türkmen-täjik dostlugyny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, halklarymyzyň bähbidine geljekde hem gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Abraýyň arşa galýar, Diýarym!

Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen häzirki döwrüň sebit we ählumumy möhüm meselelerini çözmekde düýpgöter täze, toplumlaýyn, giň gerimli başlangyçlary, täzeçil taglymlary öňe sürýän döwlet hökmünde umumy ykrar edilen belent derejesini ýene bir gezek tassyklady. Dünýä bileleşiginiň işlerine örän işjeň gatnaşýan hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy öňe sürýän döwlet Baştutanymyzyň bu başlangyçlary boýunça işlenip taýýarlanylan oňyn daşary syýasat strategiýasy tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyz soňky ýyllarda iri halkara maslahatlaryň, forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilýän, umumadamzat ösüşiniň esasy meseleleri boýunça netijeli pikir alşylýan açyk meýdança öwrüldi.

Bedew bady bilen täze sepgitlere

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentlige çykaryldy. Ýurdumyzda bu pudagyň düzümlerini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli ýörelgelerini wagyz etmek boýunça heniz görlüp-eşidilmedik çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ahalteke atçylyk toplumynda dünýäde iň gowy bedewler üçin ajaýyp şertler döredildi. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň döreden täsin sungatyna deňelýän bedewlere nähili belent sarpa goýulýandygynyň subutnamasydyr. Diýarymyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen döwrebap atçylyk-sport toplumlary diňe bir bu pudagyň kämilleşdirilmegine däl, eýsem, atly sportuň ösdürilmegine, bu ulgamda ugurdaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine hem ýardam edýär.

Sylagyňyz gutly bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzyň ýaş zehinli aýdymçylarynyň bir topary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bägül Orazsähedowna Ataýewa hem bar. Sylagyňyz gutly bolsun!

2021-nji ýylyň awgusty: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Garaşsyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna pugta eýermek bilen, sebit hem-de ählumumy ösüşiň wajyp meselelerini çözmekde has işjeň orny eýeleýär. Awgust aýynda bolup geçen duşuşyklar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler, forumlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Awgust aýynyň başynda BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy umumy mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup, dünýäniň 48 döwleti çykyş etdi. Tutuş dünýäde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek işine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen bu Kararnama ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda BMG tarapyndan ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary üpjün etmek babatda kabul edilen resminamalaryň üstüni ýetirdi.