Bagtyýarlyk — zamananyň zynaty

8 Sentýabr 2021
676

6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryň häkimleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek hem-de pagta ýygymyna girişmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyza Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler, şanly sene mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky gurluşygyň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar