Bedew bady bilen täze sepgitlere

10 Sentýabr 2021
585

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentlige çykaryldy. Ýurdumyzda bu pudagyň düzümlerini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli ýörelgelerini wagyz etmek boýunça heniz görlüp-eşidilmedik çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ahalteke atçylyk toplumynda dünýäde iň gowy bedewler üçin ajaýyp şertler döredildi. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň döreden täsin sungatyna deňelýän bedewlere nähili belent sarpa goýulýandygynyň subutnamasydyr. Diýarymyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen döwrebap atçylyk-sport toplumlary diňe bir bu pudagyň kämilleşdirilmegine däl, eýsem, atly sportuň ösdürilmegine, bu ulgamda ugurdaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine hem ýardam edýär.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar