Baş baýrama ýokary işjeňlik bilen

10 Sentýabr 2021
656

7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimize degişli düzümleriň ýolbaşçylary Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de onuň dowamynda garalmagyna hödürlenilýän meseleler, şeýle-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdiler.

Beýleki habarlar