Abraýyň arşa galýar, Diýarym!

10 Sentýabr 2021
834

Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen häzirki döwrüň sebit we ählumumy möhüm meselelerini çözmekde düýpgöter täze, toplumlaýyn, giň gerimli başlangyçlary, täzeçil taglymlary öňe sürýän döwlet hökmünde umumy ykrar edilen belent derejesini ýene bir gezek tassyklady.

Dünýä bileleşiginiň işlerine örän işjeň gatnaşýan hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy öňe sürýän döwlet Baştutanymyzyň bu başlangyçlary boýunça işlenip taýýarlanylan oňyn daşary syýasat strategiýasy tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyz soňky ýyllarda iri halkara maslahatlaryň, forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilýän, umumadamzat ösüşiniň esasy meseleleri boýunça netijeli pikir alşylýan açyk meýdança öwrüldi.

Şatlyk GURBANDURDYÝEW,
TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar