Döwletiň howpsuzlygynyň we jemgyýetiň durnuklylygynyň bähbidine

10 Sentýabr 2021
793

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimize harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijesi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, degişli düzümleriň işgärler kuwwatyny berkitmek hem-de harby gullukçylaryň durmuş goraglylygyna degişli meseleleri çözmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Beýleki habarlar