Abadançylyga ygrarlylyk

8 Sentýabr 2021
651

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Ilki bilen goranmak ministri Milli goşunymyzyň harby birikmelerinde ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek hem-de harby gulluga çagyryş möwsümini ýokary derejede guramak meseleleri barada hem aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtap, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

"Nesil".
Beýleki habarlar