Alym Arkadagymyzyň Watançylyk sapagy

9 Sentýabr 2021
689

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap ýurdumyzyň syýasy we ykdysady ösüşleri Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýyna çuň mazmun berýän ajaýyplyk, parahatçylygy berkitmäge ýakymly çagyryş bolup dünýä ýalkym saçýar. Milli Liderimiz özüniň uzak geljegi nazarlaýan parasatly tutumlary, yhlasly zähmeti, halkyna bolan beýik söýgüsi, umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer tagallalary bilen beýik işleri amala aşyryp, döwlet Baştutanlygyna gelen günlerinde: «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýen dana sözlerini durmuş hakykatyndaky gudrata öwürdi. Biz Arkadagly eýýamymyzyň hünärmenleri hökmünde juda gysga döwürde ägirt uly ykdysady ösüşleri görýäris. Bu günki gün Türkmenistanyň dünýäde ilkinji bolup ýa-da ilkinjileriň hatarynda diýen at bilen derejelenen işlerine şaýatlygymyz barha artýar.

Alym Arkadagymyzyň ilkinji bolup ýa-da ilkinjileriň hatarynda durmuşa geçirýän açyşlarymyzydyr taslamalarymyzy, ykdysady ösüşlerimizi ruhy gymmatlyklarymyza siňdirmekde durmuşa geçirýän işleri bolsa köpmilletli halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli zähmetdäki yhlas joşgunlaryny döredýär.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».
Beýleki habarlar