Şanly wakalara ýokary derejede taýýarlyk görülýär

9 Sentýabr 2021
819

7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň söz bermegi bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar