HABARLAR

Netijeli hyzmatdaşlyk

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Igor Makarow işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde berýän goldawy hem-de dürli pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, häzirki döwürde milli ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere ýokary baha berdi.

Mukaddes wezipeler

Hormatly Prezidentimiz 2021-2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagynda eden täsirli çykyşynda: «Siz gadymy ýazuw çeşmelerine, meşhur taryhçylaryň işlerine nazar aýlap görüň! Olarda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygy, beýik taryhy we medeniýeti döredendigi ykrar edilýär. Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir» diýip belledi. Eziz Arkadagymyzyň bu okuw sapagynda mertlik, merdanalyk, gahrymançylyk, watansöýüjilik bilen bagly dürli taryhy şahsyýetlerimizi nusga getirmek arkaly beren täsirli gürrüňleri biz — harby gullukçylaryň ruhlaryny has hem belende göterdi. Ähli babatda nusgalyk görelde görkezýän milli Liderimiz özüniň ussat mugallymçylyk tejribesi bilen biz — harby mugallymlar üçin hem harby talyplary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň iň kämil usullaryny görkezýär. Alym Arkadagymyz geçir

Türkmen topragynyň melhemlik baýlyklary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden hem-de pähim-paýhasyndan döreýän eserleriň her biri diňe bir türkmenistanlylaryň ýankitabyna öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtly okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigatyna, onuň baýlyklaryna, milli gymmatlyklarymyza bagyşlap ýazýan kitaplary bolsa aýratyn ähmiýete eýedir. Arkadag Prezidentimiz her bir baýramçylyga hem-de şanly senä gabatlap ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarlamagy asylly däbe öwürdi. Ine, milli Liderimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem özboluşly sowgat taýýarlady. Lukmanlaryň bu hünär baýramçylygynyň bellenilen günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildi çapdan çykdy.

Halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlyk

Heňňam döräli bäri ýürekdeşligi, maksada okgunly öňegidişlikleri, lebzi halallygy, goňşy halklary we dünýä döwletleri bilen ysnyşykly parahatçylyk ýörelgeleri esasynda tanalýan ýurt — biziň ata Watanymyz Türkmenistan. Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, birnäçe iri halkara guramalaryň edara binalarynyň öňünde ýaşyl reňkli mukaddes türkmen Tugumyzyň buýsançly parlap durmagy, bu halkara gatnaşyklarynyň häzirki wagtda hem dowamatynyň dowamdygyny dünýä äşgär edýär. Şeýle iri halkara hyzmatdaşlyklaryň özeninde bolsa, ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de halk hojalygynyň beýleki möhüm ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, şeýle-de olary dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amal edilýän tutumly işleri, umumadamzat bähbitlerini nazara alýan halkara başlangyçlary saba-säher ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna ýetirýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri — metbugat, şeýle-de teleradioýaýlymlar häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde gymmatly ähmiýete eýedir. Biziň gürrüňini edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamymyz hem dünýäde ykrar edilen milli Lider

Ynsanperwer häsiýetler — dostluk köprüsi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan mähriban halkymyz merdana pederlerimiziň arzuw-umytlaryna ýetdi. Bilşimiz ýaly, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýarlyk mukamy joşgunly zähmet mukamy bilen sazlaşyp, belentden-belent ýaňlanýar. Häzirki döwürde milli Liderimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat bähbitli ýörelgeleri dünýä içre giň goldawa eýe bolýar. Dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly, hoşniýetli syýasatynyň netijesidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň türkmene mahsus bolan özboluşly, iňňän oýlanyşykly, dünýä döwletlerine hem-de halklaryna ýakyn, düşnükli, parahatçylygy goramaga we syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty eziz Diýarymyza äleme ýaň salýan abraý getirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk syýasaty abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň has ygtybarly täze ugurlaryny açdy. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen «Ýewropa öýüniň»

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Igor Makarow işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde berýän goldawy hem-de dürli pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, häzirki döwürde milli ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere ýokary baha berdi.

Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halk baradaky alada

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýubileý ýylynyň dokuz aýynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy. Bu çözgüt Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagtynyň gelendigini belledi. Bu bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidir, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidir. Sebäbi biziň esasy syýasatymyz — «Döwlet ad

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat — Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyryp, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gonanda, uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy BAE-niň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui garşylady. Ol öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli, göwnaçyklyk bilen mübärekledi.