Ählumumy parahatçylygyň bähbidine

11 Oktýabr 2021
620

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat — Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrandan soň, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini BAE-niň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui garşylady.

Beýleki habarlar