Halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlyk

13 Oktýabr 2021
638

Heňňam döräli bäri ýürekdeşligi, maksada okgunly öňegidişlikleri, lebzi halallygy, goňşy halklary we dünýä döwletleri bilen ysnyşykly parahatçylyk ýörelgeleri esasynda tanalýan ýurt — biziň ata Watanymyz Türkmenistan. Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, birnäçe iri halkara guramalaryň edara binalarynyň öňünde ýaşyl reňkli mukaddes türkmen Tugumyzyň buýsançly parlap durmagy, bu halkara gatnaşyklarynyň häzirki wagtda hem dowamatynyň dowamdygyny dünýä äşgär edýär. Şeýle iri halkara hyzmatdaşlyklaryň özeninde bolsa, ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de halk hojalygynyň beýleki möhüm ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, şeýle-de olary dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady durýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amal edilýän tutumly işleri, umumadamzat bähbitlerini nazara alýan halkara başlangyçlary saba-säher ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna ýetirýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri — metbugat, şeýle-de teleradioýaýlymlar häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde gymmatly ähmiýete eýedir. Biziň gürrüňini edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamymyz hem dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwlet başyna geçen ilkinji pursatlaryndan täzeden janlanyp, özüniň ajaýyp maksatlaryna tarap aýdyň ýola düşdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary ýola goýup, bu işleriň halkymyzyň aň-düşünjesinde doly we dogry şöhlelenmeginde metbugatda we teleradioýaýlymlarda amala aşyrylmaly işleri hem köptaraply ünsüniň esasy merkezinde goýdy. Taryha ser salsak, şeýle maksatlara esaslanyp, hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylda medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren maslahaty hem-de 2010-njy ýylda medeniýet we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen geçiren taryhy duşuşygy bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyçlary has-da ýaýbaňlandyrmak, habar beriş serişdeleriniň öňünde goýlan wezipeleri aýdyňlaşdyrmak, ulgamy halkara gatnaşyklaryň netijesinde dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady bilen, 2012-nji ýylda «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar