Döwrebap özgertmeler rowaçlyga ýetirýär

11 Oktýabr 2021
716

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, garalýan döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.

Beýleki habarlar