Mukaddes wezipeler

13 Oktýabr 2021
657

Hormatly Prezidentimiz 2021-2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagynda eden täsirli çykyşynda: «Siz gadymy ýazuw çeşmelerine, meşhur taryhçylaryň işlerine nazar aýlap görüň! Olarda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygy, beýik taryhy we medeniýeti döredendigi ykrar edilýär. Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir» diýip belledi. Eziz Arkadagymyzyň bu okuw sapagynda mertlik, merdanalyk, gahrymançylyk, watansöýüjilik bilen bagly dürli taryhy şahsyýetlerimizi nusga getirmek arkaly beren täsirli gürrüňleri biz — harby gullukçylaryň ruhlaryny has hem belende göterdi.

Ähli babatda nusgalyk görelde görkezýän milli Liderimiz özüniň ussat mugallymçylyk tejribesi bilen biz — harby mugallymlar üçin hem harby talyplary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň iň kämil usullaryny görkezýär. Alym Arkadagymyz geçiren umumy okuw sapagynda watansöýüjiligi, milliligi, taryhy şahsyýetlerimize hormat-sarpany giňişleýin wagyz etmek bilen birlikde, ýaşlaryň döwrebap bilimleri kämil özleşdirmelidiklerine üns çekdi. Munuň özi serkerde-mugallymlaryň öňünde goýlan sepgitlere ýetmek üçin, harby talyplarda watansöýüjiligiň belent keşbini kemala getirmekde yhlasly zähmet çekmäge has hem hyjuwlandyrdy. Şu nukdaýnazardan taryhy şahsyýetlerimizi içgin öwrenip, olaryň durmuş ýollaryny, gahrymançylykly ömür beýanlaryny her bir harby gullukçynyň aňyna siňdirmek mukaddes borç bolup durýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milletimizi şöhratlandyran beýik serkerdelerimiziň ömrüni, durmuşyny öwrenmezden, hakyky watançy bolmak mümkin däl. Olaryň ömri, durmuşy il-güne söýgüden hem wepadarlykdan, mertlikden hem gahrymançylykdan, adyllykdan hem parasatlylykdan, ugurtapyjylykdan hem ygrarlylykdan, ynsany bezeýän ähli beýik häsiýetlerden ybarat. Şol beýikleriň geçen ýollaryny öwrenmek her bir esgeriň, serkerdäniň synmaz watançylyk ruhy bilen gaýnap joşmagyny gazanmagyň iňňän möhüm ugrudyr.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, kapitan.
Beýleki habarlar