Ykdysadyýetimiziň oňyn görkezijileri

11 Oktýabr 2021
569

Bilşimiz ýaly, islendik ösen döwletiň ykdysadyýetiniň esasy maksady halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Mejlisde ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar