Ynsanperwer häsiýetler — dostluk köprüsi

13 Oktýabr 2021
666

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan mähriban halkymyz merdana pederlerimiziň arzuw-umytlaryna ýetdi. Bilşimiz ýaly, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýarlyk mukamy joşgunly zähmet mukamy bilen sazlaşyp, belentden-belent ýaňlanýar. Häzirki döwürde milli Liderimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat bähbitli ýörelgeleri dünýä içre giň goldawa eýe bolýar. Dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly, hoşniýetli syýasatynyň netijesidir.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň türkmene mahsus bolan özboluşly, iňňän oýlanyşykly, dünýä döwletlerine hem-de halklaryna ýakyn, düşnükli, parahatçylygy goramaga we syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty eziz Diýarymyza äleme ýaň salýan abraý getirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk syýasaty abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň has ygtybarly täze ugurlaryny açdy. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen «Ýewropa öýüniň» açylmagy, ýurdumyzda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlary döwlet Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleriniň mizemezdigini, Watanymyzyň kuwwatlydygyny dünýä äşgär etdi.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar