Türkmen topragynyň melhemlik baýlyklary

13 Oktýabr 2021
593

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden hem-de pähim-paýhasyndan döreýän eserleriň her biri diňe bir türkmenistanlylaryň ýankitabyna öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtly okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigatyna, onuň baýlyklaryna, milli gymmatlyklarymyza bagyşlap ýazýan kitaplary bolsa aýratyn ähmiýete eýedir.

Arkadag Prezidentimiz her bir baýramçylyga hem-de şanly senä gabatlap ajaýyp döredijilik sowgadyny taýýarlamagy asylly däbe öwürdi. Ine, milli Liderimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem özboluşly sowgat taýýarlady. Lukmanlaryň bu hünär baýramçylygynyň bellenilen günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildi çapdan çykdy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar