HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň ýangyç serişdelerini çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.

2021-nji ýylyň sentýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Şanly ýubileý senesiniň — mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenen şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de giň hyzmatdaşlyk syýasaty esasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işleri halkara giňişlikde ýokary işjeňlige eýe boldy. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen baýramçylyk çäreleri, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, tanyşdyrylyş çäreleri Türkmenistanyň döwlet ösüşi babatdaky strategiýasynyň hem-de daşary syýasy ugrunyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigini nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Giň gerimli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, geçirilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleri, gyşky möwsüme we öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Watana belent söýginiň waspnamasy

Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döreden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserini halkymyza peşgeş bermegi okyjylar köpçüliginiň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, ýiti zehininden dörän bu eser Watana belent söýginiň waspnamasyna öwrüldi. Şöhratly taryhymyzyň öçmejek sahypalary suratlandyrylan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty barada gürrüň berilýän gymmatly eser 13 bölümden ybaratdyr. Täze kitapda türkmen halkynyň ýüreginde asyrlarboýy ýaşan Garaşsyz döwletli bolmak arzuwynyň wysal bolmagy ugrunda amala aşyrylan beýik işler, ýetilen beýik sepgitler baradaky many-mazmunly söhbet, asyrlaryň şaýady bolan taryhy binalaryň, Garaşsyzlygy arzuwlan pederlerimiziň, meşhur şahsyýetlerimiziň heýkelleriniň we ýadygärlikleriniň, Watanymyzyň görküne-görk goşýan mermer ymaratlaryňdyr gül-gülüstanly seýilgähleriň gözel keşbi janlandyrylan fotosuratlar bilen utgaşdyrylýar.

Döwletli maslahat — döwrüň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň we Türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglanmagy bütin türkmen halkyny begendirdi, buýsandyrdy. Milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlik bilen bellenilen günlerinde halkymyzy buýsandyran, baýramçylyk şatlyk-şowhunyny goşalandyran döwletli wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Şeýle wakalaryň biri — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir.

Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ylmy taýdan ösdürmek, lukmançylyk diplomatiýasyny giň gerim bilen ýaýbaňlandyrmak boýunça uly tutumly işler alnyp barylýar. 8-nji oktýabrda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly halkara maslahat lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan onlaýn-maslahata türkmenistanly we dürli ýurtlardan gelen alym-lukmanlar, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory H.Klýuge, BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň başlygy, professor Klaus Parhofera, BMG-niň diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumda COVID-19 pandemiýasyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek we sanjymlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek hem-de COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu halkara çärede COVID-19 pandemiýa döwründe alnan tejribäni köpçülikleýin ulanmak mümkinçiliklerine seredildi. Halkara maslahatda bu babatda dürli döwletlerde toplanan tejribe boýunça pikir al

Türkmenistan — sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan bimöçber işler halkara derejede giňden ykrar edilýär hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly XXX ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem toý-baýramlara, ajaýyp wakalara, täze zähmet üstünliklerine beslenýär.