Maksatly menzil myrada ýetirýär

18 Oktýabr 2021
770

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmegi maksat edinýär. Şol maksat bilen hem, 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garalyp, resminamalaryň taýýarlanylan taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň hasabatyny diňländen soň, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak, halkara giňişlikde ýurdumyzyň başlangyçlaryny ilerletmek boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň alyp barýan işiniň möhümdigini belledi.

«Watan».