Döwletli maslahat — döwrüň ýalkymy

19 Oktýabr 2021
961

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň we Türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglanmagy bütin türkmen halkyny begendirdi, buýsandyrdy.

Milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlik bilen bellenilen günlerinde halkymyzy buýsandyran, baýramçylyk şatlyk-şowhunyny goşalandyran döwletli wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Şeýle wakalaryň biri — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir.

«Saglyk».