Asylly ýörelgeleriň dowamaty

18 Oktýabr 2021
689

Ata-babalarymyzyň milli halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başyny başlan demokratik özgertmeleri milli ruhda, hil taýdan täze derejede ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda iki palataly parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan kanun çykaryjy edara jemgyýetimizde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýat jemgyýetiniň berkarar edilmegine we raýatlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda uly ähmiýeti bolan taryhy waka öwrüldi. Onuň gün tertibinde taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde Garaşsyz döwletimiziň gazanan üstünliklerine baha bermek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak meselelerine orun berildi.