Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

20 Oktýabr 2021
806

Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.