Saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitler

19 Oktýabr 2021
990

Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, adamlaryň sagdyn ýaşamagyny üpjün etmek, keselleriň öňüni almak, iň täze we kämil anyklaýyş-bejeriş usullaryny ulanmak bilen ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmak ýaly maksatlar saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmaklygynda galýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşler täze belentliklere galýar. Bu ugurdan gazanylýan oňyn özgerişliklere dünýä jemgyýetçiligi şaýatdyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde döwrebap binagärlik taslamalarynyň esasynda gurlup, dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň öndüren lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar. Kaşaň jaýlarda ýerleşen, iň soňky tilsimatlar boýunça ýasalan enjamlar gurnalan hassahanalar, saglyk öýleri diňe bir şäherlerde däl-de, eýsem, obalarda hem peýda boldy. Lukmançylyk hyzmatynyň kämil nusgasynyň, ýagny maşgala lukmançylygynyň ornaşdyrylmagy, ýokary bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan okuw jaýynda — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde täze kafedralaryň açylmagy, lukmanlar üçin kämilleşdiriş okuwlarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagynyň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň bejeriji täsirli tebigy baýlyklary çig mal hökmünde ulanylýan kuwwatly derman senagaty kärhanalarynyň hem-de raýatlaryň saglygyny dikeltmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan şypahanalaryň döredilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky öňegidişlikleriň aýdyň mysaly bolup, abraýly halkara guramalaryň ünsüni özüne çekýär.

«Saglyk».