Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady

19 Oktýabr 2021
947

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ylmy taýdan ösdürmek, lukmançylyk diplomatiýasyny giň gerim bilen ýaýbaňlandyrmak boýunça uly tutumly işler alnyp barylýar. 8-nji oktýabrda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly halkara maslahat lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan onlaýn-maslahata türkmenistanly we dürli ýurtlardan gelen alym-lukmanlar, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory H.Klýuge, BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň başlygy, professor Klaus Parhofera, BMG-niň diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumda COVID-19 pandemiýasyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny geçirmek we sanjymlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek hem-de COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu halkara çärede COVID-19 pandemiýa döwründe alnan tejribäni köpçülikleýin ulanmak mümkinçiliklerine seredildi. Halkara maslahatda bu babatda dürli döwletlerde toplanan tejribe boýunça pikir alşyldy hem-de öňüni alyş çäreleri boýunça Türkmenistanyň tejribesine uly baha berildi.

«Sag­lyk».