Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

20 Oktýabr 2021
663

19-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň ýangyç serişdelerini çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.