Watana belent söýginiň waspnamasy

19 Oktýabr 2021
1143

Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döreden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserini halkymyza peşgeş bermegi okyjylar köpçüliginiň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, ýiti zehininden dörän bu eser Watana belent söýginiň waspnamasyna öwrüldi.

Şöhratly taryhymyzyň öçmejek sahypalary suratlandyrylan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty barada gürrüň berilýän gymmatly eser 13 bölümden ybaratdyr. Täze kitapda türkmen halkynyň ýüreginde asyrlarboýy ýaşan Garaşsyz döwletli bolmak arzuwynyň wysal bolmagy ugrunda amala aşyrylan beýik işler, ýetilen beýik sepgitler baradaky many-mazmunly söhbet, asyrlaryň şaýady bolan taryhy binalaryň, Garaşsyzlygy arzuwlan pederlerimiziň, meşhur şahsyýetlerimiziň heýkelleriniň we ýadygärlikleriniň, Watanymyzyň görküne-görk goşýan mermer ymaratlaryňdyr gül-gülüstanly seýilgähleriň gözel keşbi janlandyrylan fotosuratlar bilen utgaşdyrylýar.

«Saglyk».