HABARLAR

Zamananyň milli zynaty

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýat merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrülen bu iri durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda guruldy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze ajaýyp desgany açdy. Milli Liderimizi binanyň içinde çagalar joşgunly goşgy okamak bilen garşyladylar, olar şeýle hem «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen söhbetdeşlikde olaryň sungata garaýyşlary bilen gyzyklandy. Körpe artistler ýurdumyzda aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize ösüp gelýän nesliň sazlaşykly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şanly waka mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda milli amaly-haşam sungaty hem-de döredijiligiň görnüşleri, milli senetçiligiň özboluşlylygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýän sergi guraldy. Milli L

Oba hojalygynyň netijeliligi ugrunda

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy. Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibine geçip, welaýatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler sebitlerde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Baýramçylyk dabaralary göwünleri joşdurýar

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Milli Liderimiz Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçarda ulag düzüminiň geljekki desgasynyň guruljak ýerine geldi.

Baýramçylyk dabaralary — rowaçlygyň nyşany

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. Bu sene mynasybetli mähriban Diýarymyzda köpöwüşginli baýramçylyk çäreleri, şol sanda döwrebap we kaşaň binalaryň açylyş hem-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirilýär. Ine, şu hepdäniň çarşenbe güni hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Milli Liderimiziň oňyn strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça milli düzümi giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýük daşalmagyny we ýolagçy gatnadylmagyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam etmelidir.

Möhüm wezipelere garaldy

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Adam hukuklarynyň goraglylygy

Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň kämilleşmegine, döwletimiziň dünýä bileleşiginde abraýynyň barha ýokarlanmagyna ýardam edýär. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Çünki ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir.

Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat!

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu şanly senäniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gabat gelmegi has-da guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 140 ýaşy arka atan gözel paýtagtymyzyň toý dabarasynyň belentden belent tutulmagy günbe-günden gülläp ösýän berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza, eşretli durmuşymyza, Aziýanyň merjeni hasaplanýan şäherimize bolan çuňňur buýsanjymyzy alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa ornaşdyryldy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň hökmany ileri tutulýan ugurlary boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, sport desgalary we beýleki önümçilik maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu uly özgertmeler häzirki wagtda ýokary depginde dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, gözel paýtagtymyz «Aziýanyň merjeni», «Parahatçylyk şäheri», «Aziýanyň Ženewasy»

Döwletimiziň parlak ýaşyl baýdagy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, ynsanperwer syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilip, ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ösüşlerden ösüşlere barýan Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşiginiň deňhukukly döwletleriniň hatarynda özüniň wajyp ornuny eýeleýär. Dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ata Watanymyz Türkmenistanyň hem Garaşsyzlygyny aňladýan, dünýä derejesinde ähmiýeti bolan resmi nyşanlary bar. Bu mukaddes döwlet nyşanlarynyň biri-de Döwlet Baýdagymyzdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň gurýan iri desgalarymyz geljekki nesillere hemişelik ýadygär galar

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Milli Liderimiz Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçarda ulag düzüminiň geljekki desgasynyň guruljak ýerine geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.