Möhüm wezipelere garaldy

16 Iýul 2021
720

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

«Watan».