Parahatçylygyň we ynanyşmagyň belent nusgasy

15 Iýul 2021
761

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hemişelik Bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatyna we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugry yzygiderli amala aşyrmak bilen, häzirki döwürde dünýäde abraýly döwletleriň birine öwrüldi. Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyk maksatlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykda äşgär edýär. Ýurdumyzyň saýlap alan daşary syýasat ugry garaşsyzlygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmеnistаn özüniň dаşаry syýasаtynyň özеni hökmünde hеmişеlik Bitаrаplyk hukuk ýagdaýyny saýlap almak bilen, gеçеn taryhy döwrüň dowamynda milli wе hаlkаrа möçberinde uly işleri durmuşa geçirdi. Ýurdumyzyň iş ýüzünde alyp barýan daşary syýasaty we amala aşyrýan halkara gatnaşyklary bu günki gün dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek, ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek babatynda ýokary bahalara mynasyp bolýar. Özüniň Bitaraplyk halkara-hukuk borçlaryna gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistanyň ähli alyp barýan işi hoşniýetli goňşuçylyk, sebitiň döwletleri bilen köpasyrlyk däpleri, umumy taryhy, medeni we täze syýasy-ykdysady ýagdaýlary nazara almak esasynda ýola goýýan gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda eden taryhy çykyşynda şeýle belleýär: «1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagy ýurdumyz üçin, hakykatdan-da, taryhy waka boldy. Ol türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi hem-de içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi».

Ak­mu­ham­met JU­MA­GU­LY­ÝEW
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.