Baýramçylyk dabaralary — rowaçlygyň nyşany

16 Iýul 2021
664

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. Bu sene mynasybetli mähriban Diýarymyzda köpöwüşginli baýramçylyk çäreleri, şol sanda döwrebap we kaşaň binalaryň açylyş hem-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirilýär. Ine, şu hepdäniň çarşenbe güni hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Milli Liderimiziň oňyn strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça milli düzümi giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýük daşalmagyny we ýolagçy gatnadylmagyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam etmelidir.

«Aşgabat».