Ösüşler we üstünlikler: Arkadagly eýýamymyzyň ajaýyp keşbi

15 Iýul 2021
843

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her güni şanly wakalara beslenýär. Durmuşa geçirilýän iri taslamalar, açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly desgalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşginler bilen baý mazmuna beslenen medeniýetimiziň ajaýyp keşbi bolup, dünýä ýalkym saçýar. Şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyz boýunça 32 sany iri desgalaryň, ähli amatlyklary bolan köp sanly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarydyr beýleki möhüm desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bolsa köpmilletli halkymyzyň agzybirligini we döredijilikli ösüşini aýan edýär.

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçen Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralary hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylykly ösüşini jahana ýaýýan şanly wakalar boldy.

Maksat NURYÝEW
«Adalat».