Zamananyň milli zynaty

16 Iýul 2021
604

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýat merkezi Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrülen bu iri durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda guruldy.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze ajaýyp desgany açdy. Milli Liderimizi binanyň içinde çagalar joşgunly goşgy okamak bilen garşyladylar, olar şeýle hem «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen söhbetdeşlikde olaryň sungata garaýyşlary bilen gyzyklandy. Körpe artistler ýurdumyzda aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize ösüp gelýän nesliň sazlaşykly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şanly waka mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda milli amaly-haşam sungaty hem-de döredijiligiň görnüşleri, milli senetçiligiň özboluşlylygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýän sergi guraldy. Milli Liderimiz giň gerimli sergini synlady. Döwlet Baştutanymyz «Türkmeniň ak öýi» binasynyň bezegi we abadanlaşdyrylyşy, onuň keşbindäki şähergurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy gazanylanlar hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri, dürli derejedäki çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. «Türkmeniň ak öýi» toplumynda zerur häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutuldy. Bu 3 müň orunlyk sadaka üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr. Toplumyň golaýynda bezegli ak öýler we hiňňildikler gurnalypdyr.

"Nesil".