Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16 Iýul 2021
548

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.