Adam hakda alada

15 Iýul 2021
693

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyz mähriban Watanymyzy täze üstünliklere, ösüşlere, şanly wakalara besledi. Hormatly Prezidentimiz ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň hukuk binýadyny berkitmek arkaly kanunçylygy düýpli kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak baradaky derwaýys wezipeleri öňde goýýar. Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, hukuk taýdan goraglylygyny, Watanymyzyň durmuşynda we dürli pudaklarda alnyp barylýan işleriň düzgünleşdirilmegini üpjün etmek üçin täze kanunlaryň ençemesi kabul edilýär we öňden hereket edýän kanunlar döwrüň talabyna laýyk gelýän zerur üýtgetmeler we goşmaçalar arkaly kämilleşdirilýär.

Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülip, halkymyz sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alyp ýaşaýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen pähim-parasada ýugrulan şygary ýol-ýörelge edinýän berkarar döwletimizde kämil kanunlar kabul edilip, halkymyzyň hukuk goraglylygy üpjün edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryna we borçlaryna düýpli düşünmegini gazanmak üçin wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmagy tabşyrdy.

Altyn REIMOWA
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň baş maslahatçysy, ýustisiýanyň geňeşçisi.